Önümi taýýarlamagyň tilsimaty
Asyrlar boýy türkmen haly we haly önümlerini işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy üýtgedilmän ulanylýar.El bilen dokalan haly we haly önümleri birmeňzeş şekilleri çitmek arkaly taýýarlanylýar. Olar darakdan geçirilip egrilen ýüň ýüplükden taýýarlanan ýüpleri çitmek we argaçlary ulanmak arkaly öndürilýär. Haly dokalan mahalynda, goşa we bir ýarymlyk görnüşdäki düwünler ulanylýar.
Haly «toprak» diýlip atlandyrylýan palas bölegini dokamak arkaly taýýarlanyp ugralýar we halynyň ahyrky bölegi hem şonuň bilen tamamlanýar. Halynyň bir bölegi başynda we ahyrynda dokalýan «älem» atly nagşyň gyradaky gaýmasyndan, ýagny gyra keşdesinden ybaratdyr. Halynyň ortaradaky esasy meýdany uly nagyşlar «göller» bilen doldurylýar.
Halydaky nagyşlar goşa erşiň arasyndan geçirilýän ýüplükleriň her birini düwmek arkaly çitilýär. Çitimleriň her hatary çitilenden soňra, eriş ýüplükleriniň düwünleriniň berk saklanmagy üçin, halynyň ini boýunça bir ýa-da iki sany argaç geçirilip, darak bilen kakylyp pugtalandyrylýar. Soňra çitimleriň üstki tarapy göni gyrkylýar. Halynyň iki tarapynda-da seçekler goýulýar.
ASI, ASII, ASIII, ASIV — ýara çitim
SYI, SYII, SYIII — düwe çitim