Ýüň
Türkmen halysy üçin çig mal hökmünde, diňe Türkmenistanyň howa şertlerinde göwnejaý bakyp bolýan saryja tohumyna degişli goýunlaryň ýüňünden işlenip taýýarlanýan has berk, maýyşgak, arassa ýüň ýüplük ulanylýar.Öri meýdanlaryndaky dürli görnüşli ösümlikler, saryja tohumyna degişli goýunlaryň ýüňüniň has gymmatly häsiýetlere eýe bolmagyna, gigroskopikligine (çyg çekijiligine), ýylylygy pes derejede geçirijiligine (aýazdan goranmagyna), süýümiň berk we çeýe bolmagyna ýardam edýär.
Haly dokamak üçin niýetlenen ýüň ýaz gyrkymynda alynýar, çünki şonda süýüm has uzyn we berk bolýar. Ýüň ýüplügiň berkligi we köp böleginiň göni bolmagy süýümiň çykymlylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýüňüň şol görnüşinden taýýarlanan süýümden dokalan halynyň çitimi asla bulaşmaýar. Wagtyň geçmegi bilen, çitimleriň uçlary tike-tike bolup, inçelýär hem-de haly mahmal ýaly ýalpyldaýar we ýumşaýar. Diňe ekologik taýdan arassa ýüňden taýýarlanan ýüplerden elde dokalan türkmen halylary jaýlarda örän amatly we estetiki taýdan oňaýly ýagdaýy döredýär.
Türkmen halylarynyň haýran galdyryjy gözelligi we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygy halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar, şol ýörelgeler bolsa halyçylygyň bäş müň ýyldan gowrak köp asyrlyk taryhynda kämilligiň belent derejesine ýetdi, halydaky nagyşlar bolsa çeperçilik taýdan täsirliligi bilen henizem haýran galdyrýar.