Sylaglar

Türkmen halylarynyň deňi-taýy bolmadyk gözelligi we ýokary hilliligi baradaky şan-şöhraty dünýäniň köp ýurtlaryna ýetdi. Parižde we Monrealda, Leýpsigde we Brýusselde, Ženewada we Maýn boýundaky Frankfurtda geçirilen halkara ýarmarkalarynda we sergilerde türkmen halylarynyň köp sanly sylaglara mynasyp bolmagy muňa şaýatlyk edýär. Şolaryň arasynda «Platina» derejeli 1 sylag, «Altyn» derejeli 2 sylag, Altyn medallaryň 9-sy we 1 Bürünç medal bar.
1.) 1937-nji ýylda Pariž şäherindäki Bütindünýä sergisinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan halylaryň nepisligi üçin diploma we 1 altyn medala mynasyp boldy.
2.) 1958-nji ýylda Brýussel şäherindäki Bütindünýä sergisinde «Halklaryň dostlugy» atly halysy üçin diploma we 1 uly bürünç medala mynasyp boldy.
3)> 1964-nji ýylda Germaniýada Bütindünýä Leýpsig ýarmarkasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan halylaryň nepisligi üçin diploma we 1 altyn medala mynasyp boldy.
4). 1965-1966-njy ýylda Germaniýada Bütindünýä Leýpsig ýarmarkasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan halylaryň nepisligi üçin 3 sany altyn medala mynasyp boldy.
5). 1979-njy ýylda Germaniýada Bütindünýä Leýpsig ýarmarkasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan halylaryň nepisligi üçin diploma we 1 altyn medala mynasyp boldy.
6). 1984-nji ýylda Poznan ýarmarkasynda «Sowet Türkmenistany» atly haly üçin diploma 1 altyn medala mynasyp boldy.
7). 1986-njy ýylda Germaniýada Bütindünýä Leýpsig ýarmarkasynda Balkanabat çeper halyçylyk kärhanasynda dokalan «Bugdaý gölli» atly halysy üçin diploma we 1 altyn medala mynasyp boldy.
8). 2002-nji ýylda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan haly we haly önümleriniň hili we tapawutlanýandygy üçin 3 sylaga:
a). Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Bütindünýä sergisinde «Platina» derejeli 1 sylaga;
b). Germaniýanyň Frankfurt Maýn şäherinde Bütindünýä sergisinde «Altyn» derejeli 2 sylaga mynasyp boldy.
9). 2003-njy ýylda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynda dokalan «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn Asyry» atly halysy dünýäde elde dokalan iň äpet haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy.
10). 2003-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde Bütindünýä sergisinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan haly we haly önümleriniň hilliligi üçin Fransiýanyň senagata ýardam bermek baradaky assosiasiýasynyň diplomyna we 1 altyn medala mynasyp boldy.
11). 2004-nji ýylda Germaniýanyň Frankfurt Maýn şäherinde Bütindünýä sergisinde haly we haly önümleriniň hili we tapawutlanýandygy üçin «Göwher» toparyna degişli bolan «Ýewropanyň derwezesi» baýragyna mynasyp boldy.
12). 2005-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde Bütindünýä sergisinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda dokalan haly we haly önümleriniň hili we tapawutlanýandygy üçin «Göwher ýyldyzy» halkara baýragyna mynasyp boldy.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-99;
(+99 312) 44-69-07;
(+99 312) 44-68-68;
Fax: (+99 312) 44-68-67;

  E-mail salgymyz:

turkmenhali@online.tm
tkm@turkmenhali.gov.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94