Miras

Türkmen halysynyň milli muzeýi
Gözbaşy Oguz han eýýamyndan başlanan ol keremli ýazgylarda döwürleriň, eýýamlaryň wakasy wasp edilipdir. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen sünnälenip dokalan her çitim, her öýdüm Watana söýgüni, ýurda yhlasy beýan edipdir. Türkmen zenanynyň täsin dünýägaraýşy bilen gurşalan bu milli senetde sabyr-takatlylyk, başarjaňlyk, zähmetsöýerlik jemlenipdir. Türkmen dünýäsine düşünmegiň bu ylmy açarynda söýgi, mähir, yhlas, çeper duýgulary birigip, beýik, gaýtalanmajak sungaty emele getiripdir. Şeýdip, ylham sakasy hemişe joşup duran ene–mamalarymyz öz nesillerine ýitip gitmejek genji-hazynany - halyçylyk hünärini baky miras goýupdyrlar.
Halkyň senetçiliginiň beýik bir görnüşi bolan türkmen halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini dikeltmek, saklamak, döredijilikli ösdürmek we elde dokalýan türkmen halylarynyň şöhratyny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran karary esasynda Aşgabat şäherinde türkmen halysynyň muzeýi döredildi.
Türkmen halysynyň muzeýinde Beýik Galkynyşy başdan geçirýän döwrümizde halkymyzyň milli buýsanjy bolan el halyçylyk sungatyny ösdürilýär, sungatyň gadyr-gymmatyny has-da belende galdyrylýar, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklanylýar. Şeýle-hem Türkmen halysynyň muzeýiniň işgärleri nepis halylaryň taryhy çeperçilik ähmiýetini ylmy taýdan öwrenýärler we köne halylary gaýtadan dikeldýärler.
Türkmen halysynyň muzeýi Türkmenistanyň medeni merkezleriniň biri bolup, ol ýerde 2000-e golaý haly eksponatlary bardyr. Muzeýiň sergi zallarynda seýrek duş gelýän nepis haly we haly önümleri bardyr.
Muzeýde iň kiçi haly önümleri bolan açarlaryň haly daşlyklaryndan 0,01 inedördül metrden, başlap, göwrümi 301 inedördül metr bolan, dünýäde iň uly elde dokalan äpet haly saklanýar. Haly 2001-nji ýylda dokalyp, 2003-nji ýylda Ginnessiň täsinlikler kitabyna girizildi.
Muzeýde iki taraplaýyn halylar, güberçek we ýüpek halylar we üç-dört asyr üstünden geçen köne halylar bu ýerde lowurdap duran täze hala öwrülýär, çeperligi, berkligi we inçeligi bilen aklyňy haýran edýän köne halylary gaýtadan dikeldäýmek hut “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýilýän irnik iş. Her inedördül metrinde 1 355 000 çitim bar bolan, ýagny üstüne suw düşse, bir damjasyny hem arasyndan geçirmeýän halylaram gaýtadan dikeldilýär. Köp nagyşly – hatda müňe golaý gölleri bolan gadymy halylaryň bolsa ýokarda agzan muzeýimizde 8 müňe golaý nusgalygy saklanylýar. Şol bir wagtda köne halylary gözlemek we ýygnamak işlerem alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan el halyçylyk sungatynyň ösdürilýändigi, halyçylygyň gadyr-gymmaty has-da belende galdyrylýandygy, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklanylýandygy, şeýle-hem türkmen halysynyň muzeýiniň işgärleriniň nepis halylaryň taryhy çeperçilik ähmiýetini ylmy taýdan öwrenýändiklerini we köne halylary gaýtadan dikeldilýändigini nazara alyp, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmen halysynyň muzeýine, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Milli” statusy berlip, Türkmen halysynyň milli muzeýi diýlip atlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 31-nji awgustynda “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň guran Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze binasynyň açylmagy, ýurdumyzda halyçylyga berilýän ünsüň juda ýokary derejede bolmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýeti
Gadymy halyçylyk sungatynyň däplerini ösdürmek we gorap saklamak maksady bilen, 2001-nji ýylda Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýeti döredildi.
Jemgyýetiň maksady türkmen halylaryny öndürmek, ýerlemek we olaryň çuňňur köklerini öwrenýän telekeçileri we haly muşdaklary birleşdirmek, sungatyň taryhy nukdaýnazardan tapylgysyzlygyny we dünýä medeniýetinde ösmegine täsirini wagyz etmek, gadymy türkmen el haly sungatynyň özboluşly milli däplerini nusgalyk hökmünde täzeden ornaşdyrmaga, gorap saklamaga, has meşhur etmäge we giňden ýaýratmaga ýardam etmekden ybaratdyr. 1992-nji ýyldan bäri her ýyl, Türkmenistanda (maý aýynyň soňky ýekşenbe güni) bellenilýän Türkmen halysynyň baýramçylygy bilen bir hatarda, Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçirilýär.
Mejlisiň wekilleri – dürli ýurtlardan alymlar, taryhçylar, gözlegçiler we kolleksioneler türkmen halylarynyň taryhy gelip çykyşyna, olaryň öndürilişiniň tehnologiýasyna, çig-malyň işläp taýýarlanylyşyna we başga degişli meselelere seredýärler.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-99;
(+99 312) 44-69-07;
(+99 312) 44-68-68;
Fax: (+99 312) 44-68-67;

  E-mail salgymyz:

turkmenhali@online.tm
tkm@turkmenhali.gov.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94