Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halysynyň ösmegine giň ýol açdy. Halyçylyk sungatynyň abraý mertebesi gitdigiçe artyp, täze belentliklere göterilýär.
Gahryman Prezidentimiziň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” kitaplary türkmen halysyna, milli mirasymyza goýulan çäksiz hormatdyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmen halkynyň genji-hazynasy bolan dünýä meşhur nepis el halysynyň gözelligi hem-de kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halylary döredýän çeper elli ussatlaryň hormatyna Türkmen halysynyň milli baýramy döredildi. Türkmen halysynyň ajaýyplygyny synlamaga dünýäniň çar künjünden myhmanlar gelýär. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda dürli görnüşli ajaýyp el halylary bilen bir hatarda, türkmeniň milli sungatyna degişli ähli önümleriň sergisi hem-de türkmen halysyny dokamagyň milli däp-dessurlaryny saklamagy, wagyz etmegi, eksport mümkinçiliklerini ösdürmegi, şeýle-de türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy däplerini we olarda beýan edilen ruhy mirasy öwrenmegi guraýan Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
Bu baýramçylyk çäresinde sergilenýän gadymy we häzirki zaman haly we haly önümleri, tebigy boýaglar, XVII, XVIII, XIX asyrlaryň ahyrynda dokalan gadymy halylar, “Argaç” ýüň egriji kärhanasynyň öndürýän ýüň ýüplükleriniň sergisi görkeziler. Şeýle hem, çeper halyçylyk kärhanalaryň, telekeçileriň, halyşynaslaryň, nakgaşlaryň öndüren haly önümleriniň sergisi gurnalar.
Türkmen halysynyň baýramçylygynyň dowamynda bu asylly hünäriň eýelerine, köp ýyllaryň dowamynda ene-mamalarymyzyň nesilden-nesile geçip gelýän bu haly sungatyny dowam etdirýän, ýaş gelin-gyzlarymyza haly dokamaklygyň inçe syrlaryny öwredýän halyçy gelin-gyzlarymyza Arkadag Prezidentimiziň şa serpaýlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.