Ýüň söwdasy

Ýüň söwdasy
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi türkmeniň garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni teklip edýär.“Türkmenhaly” döwlet birleşigi türkmeniň garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni teklip edýär.
Garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňi haly ýüplügini, daralan-begres, keçe önümlerini, odýal, tehniki we beýleki matalary öndürmekde esasy ekologiki taýdan arassa önüm bolup durýar.
Türkmenistanyň howa şertlerinde (dowamly gurak tomus we gysga gyş möwsümlerde) we dürli görnüşli ösümlikli öri meýdanlar Türkmenistanda ýetişdirilýän goýunlarynyň ýüňüne aýratyn özboluşlylygy berýär, ýagny:
1). Ýokary gigroskopiklik, ýagny ýüň howadan aňsatlyk bilen çyglylygy çekmäge we bermäge ukyply bolýar;
2). Pes ýylylyk geçirijiligi - ýüň önümleriniň iň möhüm häsiýetidir, netijede sowukdan gowy goramaga ukyplydyr;
3). Süýümleriň berkligi we maýyşgaklygy; 4). Ýüňüň gowy egirme ukyby we çeýeligi. Türkmeniň diňe saryja goýnuň ýaz gyrkymynyň ýüňünden taýýarlanyp dokalan el halysy, ýaşaýyş jaýlarynda iň rahat we estetiki şertleri döredýär. Bu ýüňden öndürilen önümleriň hyrydary köp bolup, uzak ömürli we saglyga peýdaly bolýar.
Iri tokly ýüňi (saryja)
Tokly ýüňi gowşak buýra gulpakly bolup, ol düwnçeklenmäge degişli däl: buýra gulpajyklary sütükli, geçiji we gyra süýümlerinden emele gelýär. Guzy ýüňi güýzki gyrkymyň ýüňiniň häsiýetleri ýaly häsiýete eýe bolýar, emma ýumşaklygy, maýyşgaklygy, öwüşgünligi we towlylygy bilen tapawutlanýar.
Kysymdaş (garyşyk) däl güýzki ýüň (saryja) TDS- 26588-85
Bu ýüň ýüplik egirmäge ukyply bolman, az buýralygy bilen häsiýetlendirilýär. Burumlar sütükli, geçme we gyra süýümlerden emele gelýär. Ýüň çala öwşgün atýar.
Güýzki we guzy ýüňi aşakdaky görnüşde saýhalaşdyrylýar. :
Reňkine görä: ak, açyk-çal, açyk-reňkli, garamtyl-reňkli
1). Ak ýüň- ýagly gabygynyň barlygy sebäpli, dürli öwüşgünleri bolýar. Towly burumlar 1/3 uzynlykda, reňkli süýümleriň 1% golaýdyr.
2). 5%- çenli Açyk-çal reňkli süýümli ak ýüňdir, reňkli ýüňüň çogdamlary 0,5% çenli, Towsuz burumyndan 1/3-den köp.
3). 5-12%- çenli Açyk reňkli ýüň tebigy reňkli bolup, açyk-mele,çal hem-de ösen süýüm, gaty saralan reňkli, garamtyl ýüňüň çogdamlary 0,5% -den köp.
4). 12% -den köp Reňki-garamtyl-ýüň tebigy reňkli bolup, mele,goýy-mele şeýle hem, reňkli süýüm.
Ýagdaýy boýunça: adaty, hapa- repeýnyý(gülmenekli)
1). Adaty - ýuwlan ýüňüň agramyna görä 1% çenli ösümlik çökündileri saklaýan ýüň. 2). Hapa - repeýnyý - ýuwlan ýüňüň agramyna görä 1% köp ösümlik çökündileri garyndylary saklaýan ýüň. 3). Çyglylygy 10-19% 4). Ortaça galyňlygy- 20,0- 34,1 mk 5). Galyndy ýag- 2,0% çenli 6). Mineral galyndylar- 4,0% çenli Irimçik ýazky garaköli ýüňi GOST 26588-85
Garaköli ýazky garaköli burumlary gurluşy boýunça häsiýetlendirilýär. Burumlary deň,buýra, towly,köp sütükli we üpürjik süýümli, gyrasynyň orta galyňlygynda guran (öli) tüýe duş gelmek bolýar.
Ýüňüň galyňlygyna görä 3 hil derejä bölünýär: 1.hil, 2.hil, 3.hil.
1.hil- süýümiň ortaça galyňlygy 20,1-34,0 mk. Burumlar köp sanly sütükli süýümlerden, has uzyn geçiş we gyra süýümlerden bolup, az sanly guran (öli) tüýlerden ybarat bolýar.;
2. hil- süýümiň ortaça galyňlygy 34,1-36,0 mk. Burumlar has çylşyrymly, guran (öli) tüýlerden ybarat 1. hildäkiden has köp.;
3. hil- süýümiň ortaça galyňlygy 38,1-43,0 mk burumlar uzynlygyna görä çylşyrymly, gyra süýümleri irimçik, guran we ölen tüýleriň mukdary 2. hildäkiden köp.
Uzynlygyna görä enjam we darak görnüşlere bölünýär.
55 mm we ondan uly- darak ýüňi üçin, 55 mm az – enjam ýüňi üçin.
Reňkine görä: açyk-çal, açyk-reňkli, garamtyl-reňkli.
1). Açyk-çal- 5% köp öwşgünli süýümli ýüňdir, açyk - reňkli ýüňüň çogdamlary 0,1% çenli, burumyň 1/3 uzynlygyna çenli gowşak towly.;
2). Açyk reňkli- ýüň tebigy reňkli bolup, açyk-mele,çal hem-de 5-12% çenli reňkli ösen süýümli, gaty saralan, garamtyl ýüňüň çogdamlary 0,5% -den köp.;
3). Garamtyl- reňkli-ýüň tebigy reňkli bolup, mele,goýy-mele, gara şeýle hem, 12% -den köp ösen reňkli süýümli.
Hili boýunça adaty, hapa, repeýnyý (gülmenekli)we hapa- repeýnyý(gülmenekli)- şikesli
1). Adaty-gopmaga garşy berk bolup, 1% çenli ownuk bölünýän çökündiler şeýle hem, 0.03% (ýuwlan ýüňde orta ululykda 36 guty);
. 2). Hapa- ýüň 1-3% çenli çökündiler hem-de 0,05% uly bolmadyk repeý-igäni saklaýar. (ýuwlan ýüňde orta ululykda 60 guty);
3). Repeýnyý- 3% köp ösümlik galyndylary, 0,05% uly repeý-igäni saklaýar. (ýuwlan ýüňde orta ululykda 60 gutudan köp).
Düýe ýüňi TU 10 0302071 01-91
Burumly gurluşy bilen häsiýetlendirilip, burumlar inçe sütük bilen bir hatarda, iri(gödek) gyra süýümleri jemleýär. Aýry-aýry burumlar arasyndaky gowşak berkidilenligi sebäpli ýüň örtügi ýüplik egirmek üçin ukyply bolmaýar.
Düýe ýüňi süýümleriň burumlara bolan gatnaşygyna görä galyňlygyň hiliniň görä 4 görkezijä bölünýär: ýokary (taýlak), 1,2,3 (ýal) we ýagdaýynyň 2 topary: adaty we hapa-repeýnyý.
Reňkine görä düýe ýüňi tapawutlandyrylmaýar.
Düýe ýüňüniň galyňlygynyň görkezijisi:
1). • Ýokary (taýlak)- burumlar esasan inçe sütüklerden, we az mukdarda geçme süýümlerden ybarat bolýar. Selçeň gyra süýümler goýberilýär.
2). 1.hil-burumlar çylşyrymly, inçe sütükden we sütügiň üstünde saýgarylýan geçme we gyra süýümlerden ybaratdyr.
3). 2.hil – burumlar gowy çylşyrymly, az sanly geçiş we sütük süýümleri bolan, irimçik gyra süýümlerden ybarat.
4). 3.hil(ýal)- az sanly geçme we sütük süýümleri bolan, gyra süýümlerdeen ybaratdyr.
Hakykatda, ýuwlan ýüňde ýüň däl komponentlaryň galyndylary we çyglylygyň agram bölegi bolup biler:
1). Galyndy ýag - 0,6 - 2.5%
2). Mineral galyndylar- adaty 3,5 % çenli, hapa- repeýnyý 5,0% çenli
3). Ösümlik galyndylary : adaty- 1% çenli, hapa-repeýnyý- 1% köp
Iri(gödek) geçi ýüňi, Kysymdaş (garyşyk) däl TDS 28411-89
Irimçik ýüň dürli tohumly iri ýüňli geçilerden gyrkylýar. Iri ýüň ýüň gatlagynyň görnüşine we sütük düzümine görä aşakdaky toparlara bölünýär: sütükli, ýarym sütükli we gyra ýüňi.
Geçi ýüňiniň ýagdaýyna görä adaty we hapa-repeýnyň görnüşelre bölünýär.
Reňkine görä geçi ýüňüniň reňkli görnüşi bolýar.
Geçiniň görnüşine,tohumyna görä ýüň dürli toparlara we görnüşlere bölünýär:
1). Iri(gödek) geçi ýüňi, Geçiniň görnüşine,tohumyna görä ählisinden gyrkylyp alynýar. Ýüň birmeňzeş däl (garyşyk) ýarym sütükli burumlaryň towy burum gurluşunyň görnüşi iri gyra ýüňi az sanly sütükli ýüň (25-40% köp ýüňiň agramyna görä) Guran we ölen tüýleriň az mukdarda.
2). Iri(gödek) ýarym sütükli geçi ýüňi dürli tohumly geçilerden gyrkylýar. Ýüň birmeňzeş däl (garyşyk) ýarym sütükli burumlaryň towy burum gurluşunyň görnüşi iri gyra ýüňi az sütükli. Sütükli ýüňde (10-25% çenli) guran we ölen tüýler köp bolýar.
3). Iri(gödek) gyra ýüňi geçiniň görnüşine,tohumyna görä ählisinden gyrkylyp alynýar. Ýüň burumlary az towly (garyşyk) burum gurluşunyň görnüşi iri gyra ýüňi köpülenç sütüksiz.Ýüňiň düzümindäki sütük 10%. Guran we ölen tüýler köp bolýar.
a). Çyglylygy 10 - 19%
b). Galyndy ýag- 0,6-2,04% çenli
c). Mineral galyndylar- adatça 3,5% çenli hapa-repeýnyý- 4.0% köp.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94