Söwda

“Türkmenhaly” Döwlet birleşiginedegişli çeper halyçylyk kärhanalarynyň 10-sy elde dokalýan haly önümlerini öndürýärler. Önümler Birleşigiň tabynlygyndaky “Türkmennhaly” marketing merkezi tarapyndan ýerlenýär, şol merkez köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa, Aziýa, Amerika we beýleki ýurtlar bilen söwda etmek arkaly, baý tejribe toplady. Türkmen haly önümleriniň söwdasy lomaý we bölekleýin görnüşde amala aşyrylýar. “Türkmenhaly” marketing merkezinde düýpli ammarlar, awtoulaglar hem-de haly we haly önümleriniň hilini goşmaça gözegçilik etmek üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir. Şeýle-hem, alyjylar tarapyndan saýlanan dürli nagyşly, reňkli we ölçegli halylar, öz wagtynda merkeziň tejribeli hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyp berilýär.
Lomaý söwda
Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary “Türkmenhaly” marketing merkezi bilen şertnamalary baglaşmak arkaly, manat (Türkmenistanyň milli puly) hasabynda öňünden töläp, önümleri satyn alyp biler.
Daşary ýurtlaryň edara görnüşindäki taraplary hem önümleri “Türkmenhaly” MM bilen şertnamalary baglaşyp, öňünden tölemek, Satyn alyjynyň “depozit” hasabyndan şertnamanyň bahasyny dolulygyna ABŞ-nyň dollary ýa-da manat görnüşinde tölemek boýunça yzyna alynmaýan dokumentar, tassyklanan akkroditiwi açmak arkaly, öňünden töläp, satyn alyp biler.
Daşary ýurtlaryň Türkmenistana harytlary getirip, olary manada satýan edara görnüşindäki taraplary üçin Türkmenistanyň ähli banklarynda “depozit” hasaplary açylýar.
Eksport bilen bagly şertnamalar hökmany tertipde Türkmenistanyň Döwlet haryt we çil-mal biržasynda resmileşdirilip, hasaba alynmalydyr. Türkmenistanyň Döwlet haryt we çil-mal biržasynda resmileşdirilip hasaba alnan şertnama halylary Türkmenistanyň çäklerinden daşary ibermäge rugsat berýän ygtyýarnama bolup durýar. Halylary eksporta ibermek üçin ähli zerur sertifikatlary almak we ýüki gümrükhanadan geçirmek işleri, şertnama boýunça, “Türkmenhaly” marketing merkeziniň işgärleri tarapyndan berjaý edilip bilner.
Bölekleýin söwda
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzüminde birnäçe dükanlar bölekleýin söwdany amala aşyrýar we alyjylara göwnejaý hyzmat edýär. Ähli dükanlarda Size haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri, ölçegleri, reňkleri we gölleri hödürlener, şeýle-hem dükanlaryň hünärmenleri bolsa haly önümleri boýunça ähli maglumatlary we ulanylan reňkler barada düşündiriler. Birleşigiňdükanlary söwdany Türkmenistanyň milli pulunda – manatda amala aşyrýarlar.
Müşderi halyny dükandan satyn alan halatynda, öňa önümiň hilini kepillendirýän we gümrük pajyny tölemän, Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykarylmagyna ygtyýar berýän güwänama gowşurylýar. Birleşigiňýörite dükanlary, Siziň islegiňize görä, satyn alan harydyňyzy dünýäniň islendik künjegine iberip biler.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94