Äpet halylar

Türkmen halyçy zenanlarynyň dokan 5 sany äpet halylary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli buýsanjy we baýlygy bolup durýar.
1). 1941-1942-nji ýyllarda dokalan «Türkmen kalby» atly halynyň umumy meýdany 193 inedördül metr, boýy 10,5 metr, ini 18 metr, agramy 865 kilogram, 1 inedördül metrinde syklygy 252 000 çitim; suraty
2). 1996-njy ýylda dokalan «Türkmenbaşy» atly halynyň umumy meýdany 266 inedördül metr, boýy 12,6 metr, ini 20 metr, agramy 950 kilogram, 1 inedördül metrinde syklygy 304 000 çitim; suraty
3). 1998-nji ýylda dokalan «Prezident» atly halynyň umumy meýdany 294 inedördül metre, boýy 14 metr, ini 21 metr, agramy 1 106 kilogram, 1 inedördül metrinde syklygy 304 000 çitim; suraty
4). 2001-nji ýylda dokalan «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn Asyry» atly halynyň umumy meýdany 301 inedördül metr, boýy 14 metr, ini 21,5 metr, agramy 1 200 kilogram, 1 inedördül metrinde syklygy 304 000 çitimr. Bu haly dünýäde elde dokalan iň äpet haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy. suraty
5). 2004-nji ýylda dokalan «Altyn ýyldyz» (Sekizburçly) atly halynyň umumy meýdany 215 inedördül metr, boýy 12,6 metr, ini 20 metr, 1 inedördül metrinde syklygy 326 000 çitime barabar. Bu haly Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhy metjidini bezeýär. suraty
6). 2009-njy ýylda «Galkynşyň owazy» atly dokalan halynyň umumy meýdany 352,8 inedördül metr, boýy 12,6 metr, ini 28,0 metr, agramy 1 400 kilogram, 1 inedördül metrinde syklygy 340 000 çitim ýerleşdirilendir.suraty


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94