Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilýär

(2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda)

Türkmenistanda köpçülikleýin sporty, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ösdürmek maksady bilen geçirilýän çäreler halkymyzyň bagtyýar geljegi baradaky aladalardan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň sporta uly üns bermegi we şahsy görelde görkezmegi halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirýär.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup Aşgabada 2017- nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny bermek baradaky çözgüdi türkmen döwletiniň saglygy goraýyş hem-de sporty ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Sagdynlygyň we Ruhybelentligiň dabaralanýan ýylynda türkmen halky Watanymyza şan-şöhrat getirjek bu uly sport baýramçylygyna Aziada-2017, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bu gün toý lybasyna beslenip, dürli ýurtlardan gelýän myhmanlaryny mähir bilen garşy alýar.
Ýurdumyzda geçirilýän - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbinde, nyşanlarynda we tumarlarynda, türgenleriň sport geýimlerinde türkmeniň bedew atynyň, alabaý itiniň, türkmen haly nagyşlarynyň, ajaýyp beýanyny tapmagy uly many-mazmuna eýedir.
2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi.
Bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşýarlar. Olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Bu oýunlary geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, bitarap, netijeli we hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň netijesidir.
Bu uly sport baýramçylygyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagyndaky kärhanalarda işleýän halyçy gelin-gyzlarymyz hem Aziadanyň şekilleri ýerleşdirilip dokalan haly we haly önümleri bilen sowgatly geldiler. Bu ýaryşlara gatnaşýan ähli türgenleriň uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris.



Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94