Halyçylygyň taryhy

Halyçylyk-türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de baryp 5 müň ýyl mundan ozal türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär edildi.
Sumbar jülgesindäki Parhaý (Türkmenistan) diýen ýerde giçki bürünç eýýamyna degişli mazarystanlykda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda, alymlar baý we dürli görnüşdäki haly önümçiliginde ulanylan materiallary toplapdyrlar, munuň özi şol ýerlerde ýaşan gadymy ilatyň durmuşyna degişli köp zatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi.
Sumbar jülgesindäki we Parhaýdaky mazarystanlyklarda diňe zenanlaryň jaýlanan guburlaryndan egirmek üçin niýetlenip, daşdan edilen bikoniki zatlaryň 40-sy tapyldy. Şol zatlaryň biri bürünçden edilen oka /steržene/ geýdirilipdir, munuň özi onuň näme üçin ulanylandygyny görkezip, bu baradaky şübhelenmeleri asla aradan aýyrdy.
9 sany zenanyň guburynda egirmek üçin niýetlenen zatlar, käbirinde bolsa hatda çişler we temenler bilen birlikde, özboluşly zatlaryň 16-sy ýüze çykaryldy. Uzynlygy 6-9 santimetre barabar bolan bürünç plastinalar emaýlyk bilen egreldilipdir, olaryň bir ujunda deşik bar, bularyň özboluşly haly dokalanda, ýüpi kesmek üçin peýdalanylan özboluşly iş gurallarydygyna göz ýetirmek kyn düşmeýär. Guburdan tapylan zatlar häzirki wagtda haly çitilende ulanylýan pyçaklara-keserlere dolulygyna laýyk gelýär we bular diňe haýsy materialdan taýýarlanylyşy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.
1947-nji ýylda Altaýdaky Pazyryk diýen depede ýerleşen gadymy mazarlykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasy ýüze çykaryldy. Radiouglerodly usuly ulanmak arkaly, onuň 2400 ýyl mundan ozal dokalandygy kesgitlenildi. Bu tüýjümek halynyň şunça wagtlap ýatsa-da, kän bir zaýalanmandygy diýseň haýran galdyrýar. Haly oňat ýagdaýda saklanypdyr, onuň ýerligi gyzyl reňkde bolup, reňkleriniň gammasy we nagşyň geometriki taýdan örän takyk çitilişi boýunça edil häzirki türkmen halylaryna meňzeş. Onuň möçberi 183х200 santimetr, 1 inedördül dm. syklygy 3600 çitimden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky Ermitažyň gaznalarynda saklanýar.
Halynyň nagşynda ykjam jemlenen görnüşde hakyky ýagdaýa degişli keşpleri şekillendirmegi başaran halyçylaryň nepisligi duýşy we çeperçilik bilen bagly zehini haýran galdyrýar we kalbyňda buýsanç döredýär.
Halylar barada ХIII asyrda ýaşan wenesiýaly Marko Polonyň ýazgylarynda ýatlanylýar. Dünýäniň birentek ýerlerine baryp, geň-enaýy zatlary gören bu syýahatçy türkmen halylary barada ýazyp, “bu ýerde dünýädäki iň neps we ajaýyp halylaryň dokalýandygyny” aýdýar.
ХIХ asyrda fransiýaly syýahatçy Modera şeýle sözleri ýazypdyr: “Türkmen zenany-hakyky suratçy, ol iň gözel we has berk halylary dokaýar”.
1863-nji ýylda wengriýaly dilçi alym Arminiý Wamberi derwüşiň lybasyny geýip, Orta Aziýada syýahat eden mahalynda, Hazaryň çöllük kenarlaryndan başlap, Hywa we Buhara hanlyklarynyň gülläp ösen ýerlerine çenli baryp ýetýän giň ýurtda ýaşan ilatyň taryhy, meşgullanýan işleri, ýaşaýyşy we gylyk-häsiýetleri bilen tanşyp, türkmen halylaryna örän ýokary baha beripdir. Syýahatçy: “Reňkleriň täsin tämizliginden, dokalýan zatlaryň berkliginden başga-da, bu zenanlaryň şekilleriň simmetriýasynyň nepisligi bilen tapawutlanýan derejede takyk bolmagyny gazanmagy başarýandygy haýran galdyrýar” diýip ýazypdyr.
G.Pugaçenkowa türkmen halyçylarynyň işini şeýle görnüşde beýan edipdir: “Öz öýjükleriniň geometriki takyklygyny berjaý edýän bal arysy deýin, ol (türkmen halyçysy) dokaljak halynyň çyzgysy bolmasa-da, duýgurlygyna bil baglap, dürli görnüşdäki göni şekilleri umumy meýdanyň ýa-da gyradaky nagyşlaryň çygryndan çykman ýerleşdirmek arkaly, adaty nagyşlaryň toplumlarynyň üsti bilen, belli bir derejede kesgitlenen görnüşler bilen birlikde, şol görnüşleriň hem-de şekilleriň täzeçe sazlaşygyna egsilmez hyjuwly fantaziýanyň goşulmagyny gazanýar”.
Irki döwürlerde Ýewropada örän gymmat bahaly zynata degişli zat hökmünde görlen türkmen halylaryndaky şekiller Italiýanyň Galkynyş döwründe ýaşan ussatlaryň suratlarynda-da gabat gelýär. Lippo Memmi tarapyndan çekilen “Madonna” atly surat (1350-nji ýyla degişli, Berliniň galereýasynda goýlan), Nikolo di Buanokorso tarapyndan döredilen “Mariýanyň nykalanyşy” atly eseri (1380-nji ýyla degişli, Londondaky milli galereýada goýlan), Lorenso di Krediniň Pistoýe diýen ýerdäki ybadathananyň diwarynyň ýüzüne çeken suraty (1475-nji ýyla degişli) muňa mysal bolup biler.
Nemes suratçysy Körpe Gans Golbeýn nusgawy nagyşlardan oňat baş çykarypdyr, ol Galkynyş eýýamynyň beýik ussatlarynyň biri (1497—1543-nji ýyllar) hasaplanyp, tutuş nesle degişli ajaýyp suratlaryň awtory bolupdyr. Ol adamlaryň keşplerini çekmek, kitaplary bezemek we sahnany bezemek boýunça ussat hökmünde özüni tanadypdyr. Golbeýn predmetler bilen bagly dünýäniň gözelligini inçelik bilen suratlandyrmagy başarypdyr. Ol özüniň şekillendirýän zatlarynyň haýsy materialdan taýýarlanýandygyna we şol materiallaryň aýratynlyklaryna içgin üns beripdir. Ol adamyň daş-töweregindäki zatlary ussatlyk bilen şekillendiripdir. Ol suratdaky halyny diýseň täsirli şekillendiripdir, şony synlanyňda, häzirki wagta çenli döwrebap türkmen halylarynda suratlandyrylýan nagyşlary görmek bolýar.
Häzirki wagtda-da Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Amerikanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň muzeýlerinde, sergi zallarynda we galereýalarynda türkmen halylarynyň gadymy nusgalary saklanýar. Başga-da birgiden ýurtlaryň çeperçilik galereýalarynda türkmen halyçylygyna degişli ajaýyp nusgalar bar.
1914-nji ýylda sungaty öwreniji A. Felkerzam şeýle sözleri ýazypdyr: “Türkmen halylaryny iň bolmanda, bir gezek synlan adam dokalyşynyň tehnikasy barada aýtmanyňda-da, onuň diňe nagşy boýunça beýleki taýpalaryň we halklaryň önümlerinden tapawutlandyrmagy başarýar. Nagşy takyk beýan etmek asla mümkin däl, çünki ondaky şekilleriň özboluşlylygyny güller ýa-da belli bir geometriki şekiller bilen deňär ýaly däl”.
1927-nji ýylda rus alymy S.Dudin: “Türkmenleriň we parslaryň haly önümlerini taýýarlamakda ulanýan usullarynyň, dokma stanogynyň gurnalyşynyň, haly dokamakda materiallary ulanmagyň tärleriniň, reňkleriň utgaşyklylygynyň, çeperçilik taýdan-da biri-birinden düýpgöter tapawutlanmagy türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär” diýip ýazypdyr.
Köp asyrlaryň dowamynda türkmen halky haly we haly önümleri el bilen dokamagyň tehnologiýasyny we onuň çeperçilik stilini aýawly saklap, kämil görnüşde biziň günlerimize ýetirdi.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94