Halylaryň toparlary

Türkmen halylaryny bezeýän nagyşlar arkaly hakyky ýagdaý, daşky gurşaw, türkmen halkynyň ýaşaýyşy we durmuşy umumylaşdyrylyp, nepislik bilen beýan edilipdir. Eger nagyşlary içgin synlasaň, şolarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanşyp, şol halyny dokanyň haýsy taýpa degişlidigini, onuň haýsy welaýatda ýaşaýandygyny we onuň daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň neneňsidigini bilip bolýar. Galyberse-de,göller arkaly, mertlik, gahrymançylyk, ata Watana ygrarlylyk ýaly düşünjeler beýan edilipdir.
Adaty türkmen halylary dürli görnüşde bolup, bular biri-birinden nagyşlary, reňkleriň utgaşygy we dokalyşynyň tehnikasy bilen tapawutlanýar.
1). Bir argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 240—340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat (1-nji topar-ahal-teke halylary);
2). Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 220—340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar(2-nji-topar-teke, pendi halylary);
3). Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 174—232 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar (3-njitopar- ýomut, çowdur halylary);
4). Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 156—200 müň we şondan-da köp çitimden ybarat halylar (4-njitopar-beşir, kerki, gyzylaýak halylary);
5). Şekilli we ýüz keşpli haly önümleri (5-nji topar).
Reňkleriň adaty ýerleşdirilişi: gyzyl, mämişi, gök, ýaşyl, ak, gara, goýy gyrmyzy, açyk goňur (mele), mawy, sary we beýlekiler. Halylar, esasan, 0,5-den 24 inedördül metre çenli möçberde dokalýar. Aýratyn iş buýurmalar boýunça meýdany 100 we şondan-da köp inedördül metre barabar uly halylar hem dokalyp bilner.


Telefonlarymyz:

(+99 312) 44-69-79;
(+99 312) 44-69-44;
Fax: (+99 312) 44-69-62;

  E-mail salgymyz:

turkmenhaly@online.tm

  Salgymyz

Türkmenistan, 744000, Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 94